Bahar buşlukçysy

25 Maý 2021
3913

Al-ýaşyl lybasa beslenip, sülmüräp, mylaýym şemala ýüzüňi sypap, näzli bakyp, seýkin basyp gelýän pasyllaryň soltany baharyň buşlukçysy garlawaç hoş habaryň, bagtyýarlygyň, umyt-arzuwyň, nesil dowamatynyň nyşany hasaplanylýar. Bu naşyja guşjagaz öý-ojagyň, rysgal-berekediň goragçysy saýylýar. Garlawaç, gumry we kepderi Ýaradanyň iň eý görýän guşy hasaplanylýar. Ata-babalarymyz bu guşlaryň höwürtgesini bozmazlygy ýaşkiçilere çagalygyndan berk sargyt edip gelýär. Edil gumrudyr kepderi ýaly garlawaçlaram ynsan balasyna diýseň ýakyn. Gözel Diýarymyzda keramatly guş saýylýan garlawaçlar öz höwürtgesini kenarlarda, gaýalarda, agaçlaryň köweklerinde, şeýle-de, ýaşaýyş jaýlaryň üçeginde palçykdan gurýarlar.

Ene topraga jan girip, tebigat ýaňy oýanyp başladygy bosagaňda jürküldeşip, kalbyňy heýjana salýan petekesi akja, kiçijik garaja guşlaryň höwürtge ýasamagyň aladasynda iki ýana uçuşyny görüp, göwnüň galkynýar. Adama azarsyz bu guşjagazlaryň seniň bilen goňşy bolup ýaşamagy bolsa her bir maşgala agzasyny begendirýär.

Şahnoza BARATOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar