"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ýaşaýşyň özeni

Daglaryň belent gerşine çykyp ýa-da uzak menzillere uçup barýan uçaryň üstünden zemini synlanyňda, dünýäniň şeýle bir giňdigine hem geňdigine şaýat bolýarsyň. Ýer togalagynyň üçden iki bölegini çyrpynyp ýatan ummanlar, deňizdir derýalar, umuman, ümmülmez suw giňişligi tutýar. Aslynda, tebigat ozalyndan hemme zady juda sazlaşykly ýaradypdyr. Hemme zadyň düzüminde suw bar. Adam bedeniniň hem 65 göterimini suw tutýar. Suw bu ýaşaýşyň iň bir möhüm serişdesi hasaplanylýar. Adamlaryň aglabasy derýa-deňizleriň kenarynda dynç almakdan, güýçli akýan derýalaryň tolkunyny synlamakdan lezzet alýar.

Ýaşyl daraklyk

Ýaşyl daraklyk Çökgarlak şekilliler toparynyň daraklyklar maşgalasyna degişli guşdur. Ýylyň gelşine baglylykda aprel aýynyň ortalaryna ýa-da maýyň başlarynda Afrikadan we Aziýanyň günorta böleginden uçup gelýärler. Jübütleri aýan bolandan soň, ilatly ýerlere ýakynrak akabalaryň, derýalaryň gyralaryndaky kertlerde, kä ýerlerde tekizliklerde uzyn çüňkleri bilen topragy keseligine köwüp, penjeleri bilen bolsa topragy daşary çykarýarlar. Olar 1 metr çemesi uzynlykda hin gazýarlar, mäkiýany bolsa ýumurtga basyrar ýaly hininiň aňry gyrasyny giňişräk edýärler. Guşlaryň käbirleri geçen ýylky hinleriniň içlerini arassalap, şol ýerde köpelýärler. Mäkiýany 6-8 sany ýumurtga guzlandan soň, basyp ýatýar. 20-21 günden tüýsüz etene jüýjeleri çykyp başlaýar. Olary mäkiýany horazy bilen bilelikde iýmitlendirýärler. Ýaşyl daraklyklar yssy howada uçmagy halaýarlar. Gowaçalaryň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň üstünden ýapyrylyp uçup, mör-möjekleri uzyn çüňkleri bilen tutýarlar. Soňra birdenem ýokary galyp, howada gaýyp, iýmitini ýuwudýar. Olaryň köpüsi ýakyndaky elektrik geçirijileriň simlerine, ösümlikleriň guran şahalaryna, käwagtlar ýere gonup, mör-möjekleriň uçýan ugurlaryny kesgitleýär. Uçup barýan oljasynyň yzyndan ýokary tizlikde ýetip, inçe çüňkleri bilen gapjap, gelip sime gonýar we çüňki bilen sime urup, awunyň neşterli art tarapyny aýryp, soň ýuwudýar. Aýratyn-da howanyň bulutly w

Tebigatyň nygmaty

Türkmen tebigaty ösümlikler we janly-jandarlar dünýäsine baýdyr. Tebigatyň ynsanlara eçilen nygmatlarynyň arasynda ary balynyň ýaşaýyş-durmuşymyzda uly ähmiýeti bardyr. Ol diňe bir iýmit däl, eýsem, saglygy goraýyş ulgamynda we derman senagatynda çig mal hökmünde hem ulanylýar. Ary baly adam bedeni üçin peýdalydyr. Ol adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, köp keselleriň öňüni alýar we bedeni gurplandyrýar. Halk lukmançylygynda ary balyndan has irki döwürlerde hem peýdalanypdyrlar. Ary baly öz düzüminde C, E, B ýokumlaryny, alýumin, sink, nikel, ýod, demir, kaliý, kalsiý ýaly mikroelementleri, foliý we pantoten turşusyny saklaýar. Ary baly wiruslara garşy antibakterial häsiýete eýedir. Ol sowuklama kesellerinde burun dykylmasynyň öňüni alýar, üsgülewügi bejerýär. Arynyň baly garylan süýt sowuklamany bejermekde has-da peýdalydyr. Baly bellenen möçberde yzygiderli ulanmak işe ukyplylygy artdyrýar, sport türgenleşikleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Jandarlar dünýäsinden

Atlar çola ýerden barýarkalar, öňde howply bir zat bar bolsa, hereketleri bilen şol ugra gitmejekdiklerini eýesine duýdurýarlar. Golaý ýerde haýsydyr bir ýyrtyjynyň ýa-da duşmanyň bardygyny, eger-de atyň eýesi atynyň häsiýetine belet bolsa, onuň hereketinden, toýnak urşundan aňyp bilýär. * * *

Köýtendagyň daşa öwrülen haýwanlary

Köýtendag etrabynyň Bazardepe obasynda ýerleşýän Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň merkezi edarasynyň muzeýinde haýwanlaryň daşa öwrülen galyndylary saklanylýar. Bu daşlaşan haýwanlaryň galyndylary ýer gatlaklaryndan tapyldy we olaryň üstünden millionlarça ýyl geçendigi alymlar tarapyndan subut edildi. Goraghananyň muzeýinde şol tapyndylaryň, arasynda balykgulaklaryň — ammonitleriň daşlaşan çanaklary, akulanyň dişleri, dinozawrlaryň aýak yzlarynyň ülüňleri bar. Ammonitiň daşyň ýüzünde galan şekilini Köýtendag etrabynyň adamlary «möhür daşy» diýip atlandyrypdyrlar. Bu «möhür daşy» etrabyň Hojapil obasyna golaý ýerde, «Pälwan daşy» ýadygärliginiň ýakynynda, uly ýoluň sag tarapynda ýerleşýär.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 16-22-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+23o-dan +23...+25o aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+35o maýyldan +37...+39o aralygynda yssy bolar. Arçabilde: az bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 8-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+22o-dan +22...+24o aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+34o maýyldan +36...+38o aralygynda yssy bolar.

Ata kesbini halallaýan ogul

Meniň asly türkmengalaly, häzirki wagtda Mary şäherinde ýaşaýan Bäşim Ýusupdurdyýew bilen tanyşlygyma 15 ýyldan gowrak wagt boldy. Şondan bäri hem men onuň bilen gadyrly gatnaşykda. 2019-njy ýylyň maý aýynyň 14-ine ol meni öýüne çaýa çagyrdy. Men bir-iki sany ýoldaşym bilen olara myhmançylyga bardym. Barsak, Bäşim hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitabyny daşyna üýşüripdir, töwereginde bolsa ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlan melhemlerini çykaryp goýupdyr. Biz tagamdan soň, töwir etdik--de, derde derman bolýan melhemler bilen gyzyklanyp başladyk.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 16-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +23°, gündizine +33... +35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Bag – bossanly Diýarym!

Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş şertleri gowulandyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş toplumlary, edara binalary, zawoddyr fabrikler, durmuş maksatly binalar, dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup, ulanylmaga berilýär. Görenleri haýrana goýýan bu ajaýyp binalaryň ýan-ýodalary tertibe salnyp, ol ýerlere saýaly, pürli we miweli agaçlaryň dürli görnüşleri oturdylýar. Oturdylan baglar, al-elwan güller bilen bir hatarda, häzirki zaman suw çüwdürimleri hem bu gözellikleriň üstüne gözellik goşup, giden bir ajaýyplyklary döredýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +23°, gündizine +33... +35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 16-njy awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty

Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +23°, gündizine +33... +35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25 %. Arçabilde: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 709 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 190, 191, 195, 205-nji sanlarynda). Mumyýa

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 14-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 14-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 13-nji awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Suwuň ýüzünde nädip ýöräp bilýärler?

Suwuň ýü­zün­de ýö­re­mek uky­by jan­ly dün­ýä üçin tä­sin aý­ra­tyn­lyk­dyr. Mör-mö­jek­ler, guş­lar we süý­re­ni­ji­ler şeý­le jan­dar­la­ra my­sal bo­lup bi­ler. Mör-mö­jek­le­riň 1 müň 200 tö­we­re­gi gör­nü­şi su­wuň ýü­zün­de ýö­räp bil­ýär. Mo­le­kul­ýar güýç­ler se­bäp­li her bir suw mo­le­ku­la­sy tö­we­re­gin­dä­ki mo­le­ku­la­la­ry özü­ne çek­ýär. Suw­da­ky mo­le­ku­la­lar daş-tö­we­re­gin­dä­ki suw mo­le­ku­la­la­ry ta­ra­pyn­dan äh­li ta­rap­dan çe­kil­se-de, ýer­dä­ki suw mo­le­ku­la­la­ryn­da he­re­ket ed­ýän özü­ne çe­ki­ji güýç­ler de­ňag­ram­ly däl. Bu tä­sir se­bäp­li su­wuň üst­ki meý­da­ny müm­kin bol­du­gy­ça az bol­ýar. Ýe­rüs­ti dart­gyn­lyk se­bäp­li su­wuň üs­ti bu ki­çi­jik jan­dar­la­ry yza çe­kip, ýö­re­me­gi­ne kö­mek ed­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bu jan­dar­la­ryň aýak­la­ryn­da su­wy yza çek­ýän ýe­lek­li gur­luş­la­ry bo­lup, bu mik­ro göw­rüm­li gur­luş­la­ryň kö­me­gi bi­len su­wa ba­san­la­ryn­da su­wuň üs­tün­de de­for­ma­si­ýa dö­re­dip, su­wa çü­müp bil­me­ýär­ler. Uly jan­dar­la­ryň suw­da ýö­re­me­gi üçin bol­sa bel­li bir güýç bi­len su­wuň ýü­zü­ne ur­ma­gy ge­rek. My­sal üçin, wa­si­lisk at­ly süý­re­ni­ji­niň su­wuň ýü­zün­den ýö­räp ge­çe­nin­de be­de­ni­niň ag­ra­my­ny deň­leş­dir­mek we su­wuň ýü­zün­de sak­lan­mak üçin ýe­ter­lik ýo­ka­ry güýç sarp ed­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Suw he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri­niň öz­bo­luş­ly su

«Adam diş­li» ba­lyk tu­tul­dy

ABŞ-nyň De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na şta­tyn­da ýer­li ýa­şaý­jy­la­ryň bi­ri ada­ty bol­ma­dyk ba­lyk tut­dy. «BBC News»-yň ha­ba­ry­na gö­rä, onuň diş­le­ri adam diş­le­ri­ne meň­ze­ýär. Hü­när­men­ler mu­nuň go­ýun kel­le­si ba­ly­gy­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Ba­ly­gyň ulu­ly­gy 25-50 sm-e deň bo­lup, onuň ýi­ti oňur­ga­la­ry bar. Adamyňka meňzeş diş­le­ri bi­len ýyr­ty­jy­la­ry aň­sat­lyk bi­len iýip, diş­läp bil­ýän bu ba­ly­k örän çuň ýer­ler­de ýa­şa­ýar.

Ýaldyrak dogdy...

Türkmenleriň milli senenamasy boýunça şu gün — awgust aýynyň 12-sinden Ýaldyrak döwri başlanýar. Asmanda Ýaldyrak ýyldyzy görnenden soňra şol günden başlap, howada mese-mälim üýtgeşmeler ýüze çykýar. Aýratyn hem Ýaldyrak dogjak bolanda howanyň birden aşa gyzmagy tomsuň iň soňky hoşlaşyk hüjümine meňzeýär. Muňa eždatlarymyz «Ýaldyragyň ýangyny» diýip at berýärler. Asmanda Ýaldyrak görnerem welin, bir salkynjak şemal ýüzüňi sypalap geçer. Säher bilen ekin-dikinlere syn etseň, buldurap duran çyg damjalaryna gözüň düşer. Ýapraklary ýazylyp, eýýäm täzeje öser çykaryp, gök öwsüp başlandyr. Ir oýanýan guşlar bolsa şol çyg damjalaryndan ganyp, birgeňsi owaz edýändirler. Ine, bu Ýaldyragyň dogmagy bilen tebigatda ýüze çykyp başlaýan ilkinji üýtgeşmeler. «Ýaldyrak dogandan soň, keýik suwsamaz» diýmek bilen, ata-babalarymyz tebigatda nemiň köpelip başlaýandygyny duýupdyrlar. Şonuň üçin çarwalar mallaryny guýudan daşrak, uzak örä sürüp başlaýarlar. Daýhanlar bolsa giçki, güýzlük ekinleriň ugruna çykýarlar. Ýaldyrak dogandan soňra gowaçanyň idegini has-da güýçlendirýärler. Sebäbi hut şu döwürde gowaçanyň hasyl elementleriniň emele gelşi we ösüşi çaltlanýar. Şonuň üçin daýhanlar bu döwri «Hasyla hasyl goşulýan döwür» diýip atlandyrýarlar. Ýaldyrak döwri Mizana, ýagny 23-nji sentýabra çenli dowam edýär. Kyrk günläp dowam edýän bu döwrüň özboluşly aýratynlyklary başga-da az däl. Olardan ussat

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 12-nji awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +37... +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Ýaldyrakda Gün sowar

Ýaldyrak ýyldyzy kyrk günläp, ýagny awgust aýynyň 12-sinden sentýabr aýynyň 22-sine çenli dowam edýär. Bu döwre başgaça ata-babalarymyz tomsuň «Uly çillesi», gazaklar «Üç arhar», indeýler «Üç sugun», eskimoslar «Üç dogan», belaruslar «Üç uýalar» diýip at beripdirler. Ýaş meteorolog hökmünde bu döwrüň howasy hakynda aýratyn belläsimiz gelýär. Ýaldyragyň dogmagy howanyň salkynlamagynyň nyşany. Şu jähetden hem, halk arasynda «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda Gün sowar» diýen atalar sözi döräpdir. Gündizlerine yssy bolsa-da, gijelerine howa öňküden salkynlaýar. Üçýyldyz döwründäki bilen deňeşdireniňde, Günüň ýiti şöhleleriniň güýji gowşap, petiş, dymyk howa bolmaýar. Adamlar, janly-jandarlar, hatda ösümlikler hem rahatlyk tapyp başlaýar.