Köýtendagyň daşa öwrülen haýwanlary

16 Awgust 2021
1376

Köýtendag etrabynyň Bazardepe obasynda ýerleşýän Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň merkezi edarasynyň muzeýinde haýwanlaryň daşa öwrülen galyndylary saklanylýar. Bu daşlaşan haýwanlaryň galyndylary ýer gatlaklaryndan tapyldy we olaryň üstünden millionlarça ýyl geçendigi alymlar tarapyndan subut edildi. Goraghananyň muzeýinde şol tapyndylaryň, arasynda balykgulaklaryň — ammonitleriň daşlaşan çanaklary, akulanyň dişleri, dinozawrlaryň aýak yzlarynyň ülüňleri bar.

Ammonitiň daşyň ýüzünde galan şekilini Köýtendag etrabynyň adamlary «möhür daşy» diýip atlandyrypdyrlar. Bu «möhür daşy» etrabyň Hojapil obasyna golaý ýerde, «Pälwan daşy» ýadygärliginiň ýakynynda, uly ýoluň sag tarapynda ýerleşýär.

Oral TEMIROW,
welaýat tebigaty goramak jemgyýetiniň agzasy, mirasgär.
Beýleki habarlar