ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynda ýerli ýaşaýjylaryň biri adaty bolmadyk balyk tutdy. «BBC News»-yň habaryna görä, onuň dişleri adam dişlerine meňzeýär. Hünärmenler munuň goýun kellesi balygydygyny bellediler. Balygyň ululygy 25-50 sm-e deň bolup, onuň ýiti oňurgalary bar. Adamyňka meňzeş dişleri bilen ýyrtyjylary aňsatlyk bilen iýip, dişläp bilýän bu balyk örän çuň ýerlerde ýaşaýar.