Ýatda galan täsin pursatlar

28 Awgust 2024
67

Tomus — çagalaryň iň arzyly pasly. Bu pasyl bagtyýar çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak şatlyk-şowhunly pursatlara baý boldy. Ýurdumyzyň iň bir gözel künjeklerinde ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her ýyl bagtyýar nesillere gapylaryny giňden açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, merkezlerde olaryň wagtlaryny täsirli, şadyýan, göwnejaý geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilen. Şeýle-de körpe jigilerimiz dürli ugurlar boýunça hereket edýän gurnaklara gatnap, öz ukyp-başarnyklaryny, bilimlerini kämilleşdirdiler.

Sergin howasy, tebigatynyň gözelligi bilen ünsüňi özüne çekýän Gökdere jülgesindäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde körpe nesilleriň müňlerçesi dynç alyp, wagtlaryny gyzykly geçirdi. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň ähli ýerlerinde hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde geçirilýän dabaraly çäreleriň netijesinde hem görmek bolýar. Çagalaryň täsirli dynç almaklary üçin olaryň arasynda dürli görnüşli ýaryşlar, döredijilik hem-de zehin bäsleşikleri, sport we medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli guraldy. Ine, şeýle çäreleriň biri-de, ýakynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» atly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirildi. Çäre TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşi tarapyndan guralyp, milli mirasymyza sarpa goýýan, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýelemekde we kemala getirmekde mynasyp goşandyny goşdy. Deň-duşlaryndan öňe saýlanmagy başaran çagalara TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Geçirilen bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar körpe nesilleriň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, beýik ösüşleri nazarlaýan döwletli başlangyçlarynyň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Gülnara GURBANOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň etrap geňeşiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar