TIF 2024 ma­ýa go­ýum fo­ru­my we ser­gi­si ge­çi­ri­ler

16 Awgust 2024
58

Ga­raş­syz­lyk hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­dyr. Hal­ky­my­zyň ga­raş­syz döw­let gur­mak ba­ra­da köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da eden ar­zu­wy­nyň ha­syl bo­la­ny­na şu ýyl 33 ýyl dol­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li 19-20-nji sent­ýabr­da Aş­ga­bat­da TIF 2024 ma­ýa go­ýum fo­ru­my we ser­gi­si ge­çi­ri­ler. Bu fo­rum Türk­me­nis­ta­nyň dür­li ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hö­dür­le­mek, da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çalt çek­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­re ga­ra­mak we se­bit­le­ýin tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek ýa­ly bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň gel­je­gi­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýar.

TIF 2024 mak­sat­na­ma­sy hem­me­ta­rap­la­ýyn iş­le­nip dü­zü­len we Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum po­ten­si­ýa­ly, se­bit­le­ýin ener­gi­ýa ge­çi­şin­de ýur­duň ýan­gyç we ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da­ky or­ny, ulag ara­gat­na­şy­gy we dur­nuk­ly­ly­gy, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­sy, san­ly ul­ga­myň öz­ge­riş­le­ri, «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­tiň we oba ho­ja­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi, şeý­le hem döw­let-hu­su­sy hyz­mat­daş­ly­gy ýa­ly mow­zuk­la­ry öz içi­ne al­ýar.

Beýleki habarlar