Hünär bäsleşigi geçirildi

5 Awgust 2024
137

«Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda kitaphanalarda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda kamil iş tejribelerini ýaýratmak, iň göreldeli, öňdebaryjy, işjeň wagyzçy kitaphanaçylary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan hünär bäsleşigi yglan edildi. Şu gün welaýat kitaphanasynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşyjylar öz ussatlygyny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Amangözel Tagandurdyýewa bäsleşikde ýeňiji boldy. Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe kitaphanasynyň kitaphanaçysy Şirin Agamuradowa ikinji, Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Solmaz Razakowa we Saýat etrabynyň Yslam geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy Gülzada Aganyýazowa dagy üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde birinji, ikinji orunlara mynasyp bolanlar bäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşik kitaphana işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmeklerinde, özara tejribe alyşmaklarynda ähmiýetli boldy.

Myrat BAGŞYÝEW.
Beýleki habarlar