Jigerimiz-janymyzdyr bu Watan

12 Iýun 2024
392

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe gidip, ösüşleriň belent sepgitlerine çykýan eziz Watanymyza bolan buýsanjymyz kalbymyzy joşa getirýär. Çünki, her bir ýyly şanly ösüşlere besleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraýy dünýä derejesinde beýge galyp, älem-jahany haýran edýär.

Şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi bolsa, halkymyzda ýokary ruhy we zähmet joşgunyny döretdi. Söze, parasatly pähimlere aýratyn sarpa goýýan halkymyz öz akyldar ogullarynyň mertebesini beýge galdyrýar. Bu babatda Gündogaryň beýik akyldary, ady äleme dolan hezreti Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasy aýratyn orna eýedir. Çünki, ylahy goşgulary bilen “Magtymguly boljagy, geljegi bilipdir” diýen belent baha eýe bolan şahyryň döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem genji-hazynasyna öwrüldi.

Beýleki habarlar