100 uçar sar­gyt et­di

3 Maý 2024
368

Hy­ta­ýyň «AirChi­na» kom­pa­ni­ýa­sy bu ýurt­da ön­dü­ril­ýän «C919» uça­ryn­dan 100 sa­ny­sy­ny sa­tyn al­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Awia­kom­pa­ni­ýa ýo­lag­çy uçar­la­ry­nyň her bi­ri üçin 108 mil­li­on dol­lar tö­lär. Sar­gyt edi­len ha­ryt­lar 2024-2031-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da gow­şu­ry­lar. «AirChi­na» ge­çen ýy­lyň 25-nji de­kab­ryn­da uça­ry ön­dü­ri­ji COMAC-dan 6 sa­ny «C919» hem-de gys­ga ara­ly­ga ni­ýet­le­nen ARJ21 uça­ryn­dan 11 sa­ny­sy­ny sar­gyt edip­di.

Mun­dan ozal «Chi­na Eas­tern» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýyl­da 5 sa­ny «C919» sar­gyt edip­di. Bu uçar bi­len il­kin­ji ýo­lag­çy gat­na­wy ge­çen ýy­lyň maý aýyn­da ama­la aşy­ry­lyp­dy.

Beýleki habarlar