«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Şu ýyl assosiasiýanyň mejlisiniň dünýä meşhur behişdi bedewleriň watanynda — türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde gurlan täze Arkadag şäherinde geçirilmeginde aýratyn many-mazmun bar. Bu ýerde forumyň geçirilýän ýeri bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýerleşýär.