ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

25 Mart 2023
1705

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda öňde goýýan belent wezipelerinden ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: türkmen obasynyň täze keşbi» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige hödürlenilýän işlerde Garaşsyz ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm strategik maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şol sanda medeni-durmuş we önümçilik maksatly täze binalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy anyk maglumatlar esasynda, gysgadan manyly beýan edilmelidir. Oba durmuşy, obanyň taryhy, onda uly yz goýan belli şahsyýetler barada hem ýazylyp bilner. Eserler oba medeniýet öýleri, milli gymmatlyklary aýratyn sarpalaýan adamlaryň öý muzeýleri barada-da bolup biler. Täze döwrüň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan daýhan hojalyklary, öňdebaryjy daýhan birleşikleri, tejribeli daýhanlar, şol sanda ussat bagbanlardyr pileçiler baradaky makalalar hem bäsleşige hödürlenilip bilner. Oçerkler jemgyýetiň öňdebaryjylaryna, uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşup gelýän döwürdeşlerimize, zähmet adamlaryna bagyşlanmalydyr.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-67.