Tebigaty goramagyň hukuk binýady

21 Dekabr 2022
1289

Adamzat siwilizasiýasynyň kämil derejede ösýän döwründe, adam bilen tebigatyň gatnaşygy, tebigaty goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ýaly meseleler adamzadyň möhüm aladalaryna öwrülýär. Bu meseleleri çözmäge ekologik bilim we terbiýe örän uly täsirini ýetirýär. Ekologik bilim we terbiýe bolsa, adamyň ekologiýa baradaky pikirleniş medeniýetini ýokarlandyrýar.

Daş-töweregi gurşap alan maddy dünýä — tebigat, adamzat ýaşaýşynyň iň möhüm şertidir. Ol adamyň durmuşy üçin çig malyň, energiýanyň, iýmit önümleriniň, suwuň, howanyň we beýleki maddy baýlyklaryň çeşmesidir. Şoňa görä-de, hojalyk işleriniň gidişinde adamzat jemgyýeti tebigata hemişe täsir edip durýar, ony özüniň bähbitlerine laýyklykda özgerdýär. Ekologiýa — organizmleriň we olaryň emele getirýän tebigy toparlanmalarynyň daşky gurşaw bilen (şol sanda beýleki organizmler we tebigy toparlanmalar bilen) özara gatnaşyklaryny öwrenýän ylmy pudak bolmak bilen, onuň durmuşdaky ähmiýeti örän uludyr.

Merdan ŞUKUROW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby gullukçysy, leýtenant.