Ynamda uly güýç bar

21 Dekabr 2021
1840

Durmuşda adama ýaşamaga, döretmäge, gurmaga, jemgyýetde öz ornuny tapmaga ýardam berýän duýgular bolýar. Ynsan kalbyna ganat berýän, täze ýeňişlere ruhlandyrýan, döredijilikli ýaşamaga ylham berýän mukaddes duýgy ynamdyr. Seni gurşap alýan daşky dünýädäki özara gatnaşyklaryň esasynda ynam we birek-birege ynanyşmak durýan bolsa, bu eýýäm durmuşyňdaky uly utuşdyr. Meniň üçin iň esasy zatlaryň biri deň-duşlarymyň, ýakynlarymyň maňa bolan ynamlary bolupdy. Kähalatlarda, durmuş ummanynda gäminiň däli tolkunlara berlip, ýalňyş menzillere sowulmagynyň öňüni alyp, uzaklarda umyt yşygy bolup gol bulaýan çelgä öwrülen hem ynam duýgusydyr.

Durmuşda üstünlik gazanmagyň ilkinji syry ynam bolsa gerek. Ol ynam, ilki bilen, dogduk öýüňden, iň ýakyn hossarlaryň gatnaşygyndan başlanýar. Gelniniň hamyla bolanyny duýandan, onuň daşynda hozanak bolup, her bir zatda gorap-goldaýan ýanýoldaşyň, aladaçyl ene-atalaryň, mährem dogan-garyndaşlaryň, dost-ýardyr goňşy-golamlaryň, garaz, ýakyn-u-ýadyň kalbynda nesil dowamatyna bolan mukaddes gatnaşyk bilen bir wagtda dünýä geljek bäbegiň il-güne ýaramly, halal süýt emen, ýagşylyga ýaran adam bolup ýetişjekdigi barada nurana ynam bar. Agzy üýtgäp başlandan, adam atlary bilen gyzyklanyp, bäbegine iň owadan, iň mynasyp at dakmaga höweslenýän gelindir onuň ýakynlary täze dünýä injek çaganyň öz adyna, aslyna laýyk ömür sürjekdigine ynanýarlar.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».