Çaga — durmuşyň güli

2 Dekabr 2021
2490

Zenan maşgala dünýä injek çagasynyň aladasyny heniz göwresindekä edip başlaýar. Çaga enesiniň göwresinde ösüp, bellibir kada ýetende, onuň duýuş synalaryndan ilki bilen gulagy eşidip ugraýar. Eşidýän zatlarynyň ýakymlydygy ýa-da däldigi netijesinde bolsa, çaganyň bedeninde dürli duýgular döreýär. Şol duýgular hem çaganyň geljekki ösüşine, özüni duýşuna täsir ýetirýär diýlip hasap edilýär. Çaga dünýä inenden soňra ilkinji aýlarda onuň duýgy synalary kämilleşip, bellibir derejä ýetýänçä, beýniniň akyly kämilleşdirýän bölekleri heniz işjeň ýagdaýa ýetişmedik bolýar. Bellibir döwürde ene bilen çaganyň gatnaşygy esasan, duýgular arkaly amala aşýar. Soňra duýgular beýnä täsir edip, çaganyň aňlamak, ýatda saklamak, pikirlenmek ýaly ukybyny günsaýyn artdyrýar.

Çaga doglandan soň, lukmanyň barlagyndan geçirilip durulmagy, çaganyň kadaly ösüp ulalmagynda ilkinji zerurlyklaryň biridir. Şeýle edilende çagada dogabitdi ýetmezçilikleriň bardygy ýa-da ýokdugy anyklanylýar. Lukmançylyk tehnologiýalarynyň ösmegi netijesinde, olaryň käbirini entek çaga enesiniň göwresindekä hem bilmek bolýar. Doglan wagtynda agramy 2500 gramdan pes bolan we boýy 45 santimetre ýetmedik çagalar wagtyndan ozal dünýä inen diýlip hasaplanylýar. Wagtyndan öň doglan çagany hassahanada ýöriteleşdirilen ýapyk ýatakda ýatyrýarlar. Ol çagany yzygiderli ýagdaýda zerur bolan ýylylyk, çyglylyk, kislorod bilen üpjün edýär. Kesel dörediji mikroblaryň aralaşmagyndan goraýar. Doglan çagalaryň ösmegi we gerekli agramyny almagy üçin ene süýdüniň peýdasy örän uludyr. Lukmanyň maslahatlary dogry berjaý edilse, bu çagalar ähli görkezijiler boýunça 2-3 ýaşa çenli öz ýaşytdaşlarynyň yzyndan ýetýärler.

Mähri BABAGULYÝEWA,
Gökdepe şäherindäki «Ene mähri» merkeziniň baş lukmanynyň orunbasary.