Doganlyk döwletiň paýtagty Daşkent

4 Oktýabr 2021
3147

«Aşgabat» seýilgähi

Özbegistan döwletiniň paýtagty Daşkent şäheriniň ajaýyp künjeginde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähi şäher ýaşaýjylarynyň, şeýle hem myhmanlaryň iň köp gelýän arzyly ýerleriniň biridir. Seýilgäh iki goňşy halkyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň aprelinde dabaraly ýagdaýda açyldy. Umumy meýdany 10 gektar bolan seýilgähiň çäginde mermer paýtagtymyza mahsus bolan ajaýyp görnüş döredilipdir. Biri-biri bilen sazlaşykly ýerleşdirilen ahalteke bedewleriniň heýkelleri, suw çüwdürimleri, gözel ýurdumyzyň ajaýyplyklaryny inçelik bilen şekillendirýän binagärlik ýadygärlikleri, şeýle hem medeni çykyşlaryň gurnalýan ýeri seýilgähe gelýänleriň ünsüni çekýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begli ABDYKADYROW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.