Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, jemgyýetimiziň ösüşiniň islendik ugry ylym, bilim bilen baglanyşyklydyr. Her bir ynsanyň gyzyklanmalary, meşgullanýan ugry oňa mynasyp durmuşy we öz ýaşaýan jemgyýetinde uly hormat-sylagy bagyş edýär. Belent sarpanyň eýesi bolan alymlar öz gymmatly pikirleri, ylmy işleri bilen döwletimiziň pajarlap ösmegine uly goşant goşýarlar.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Häsiýet Asadowanyň bilim älemine ykbalyny bagyşlamagy tötänden däl. Onuň ejesi, pedagogika ylymlarynyň doktory, professor Rysalat Asadowa öz belent adamkärçiligi, bilim ulgamyny ösdürmäge goşan goşandy, zähmetsöýerligi, halallygy bilen perzentlerine göreldedi. Şonuň üçinem Häsiýet Asadowa ejesiniň maslahat bermegi bilen onuň ylmy ýolbaşçylygynda 1990 — 1993-nji ýyllarda ady agzalan ýokary okuw mekdebinde aspiranturada okady. 1995-nji ýylda «Mugallymlaryň iş tejribesini öwrenmegiň pedagogik meseleleri» diýen mowzukda ýazan kandidatlyk dissertasiýasyny üstünlikli gorap, pedagogika ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine mynasyp boldy.