Ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär

9 Iýul 2021
2412

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her güni täze ösüşlere beslenýär, ähli ulgamlarda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň we gülläp ösüşiň ýurdy hökmünde tanalýan ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler hem-de özgertmeler halkymyzyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyna, röwşen geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» möhüm ähmiýete eýedir. Onda bilim ulgamyny elektron maglumat binýady bilen üpjün etmek göz öňünde tutulandyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynda baý tejribe toplandy. Iň täze kompýuterler, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň hem-de çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurulmagy, halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy ösdürmäge üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gülşirin SOLTANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.