Belent ruhuň ýaýrawy dünýä ýaýylýar

4 Iýun 2021
1404

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döredilen Bütindünýä welosiped güni biziň welaýatymyzda hem hakyky baýramçylyk ruhuny emele getirdi. 3-nji iýun güni bu ählihalk sport baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralar etrapdyr şäherlerimiziň ählisini gurşap aldy. Köpçülikleýin welosipedli ýörişler bolsa dabaralaryň esasy aýratynlygyna öwrüldi.

Welaýat merkezinde geçirilen weloýörişe bagtyýar ildeşlerimiziň ýüzlerçesi gatnaşdy. Oňa Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat ― Farap awtomobil köprüsiniň golaýyndan badalga berildi. Ir säherden Jeýhunyň sag kenaryna ýörişe gatnaşmak üçin ýygnanyşan welosiped sportunyň muşdaklary welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen garşylanyldy. Olar «Ýüpek ýoly» binasynyň daşyndan aýlaw edip, welaýat merkezine tarap bat aldylar. Ýörişe gatnaşyjylar Türkmenabadyň iň gözel ýerleriniň üstünden geçip, Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry bilen baýramçylyk ruhuna beslenen ýörişi dowam etdirdiler. Ýörişe gatnaşyjylar Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň, welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançalarda guralan aýdym-sazly çykyşlara hem tomaşa etdiler. Köpçülikleýin welosipedli ýöriş welaýat merkezindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda tamamlandy. Bu ýerde guralan ýaryşlar türgenlerimiziň görkezme çykyşlary nobatdaky gezek sagdynlyga we ruhubelentlige çagyryş boldy.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.