Welosipedli ýöriş — döwrümize bezeg

3 Iýun 2021
1362

Eziz Watanymyzda sportuň jemgyýetde giňden ornaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler yzygiderli geçirilýär. Şolaryň biri-de welosipedli ýörişler, welosport bilen baglydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek baradaky çözgüdi dünýä halklary tarapyndan kabul edildi. Bütindünýä welosiped güni ilkinji gezek 2018-nji ýylda bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda welosipedli ýörişler, welosport täze ösüşe eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda welosporty höweslendirmäge, ildeşlerimizi sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga giňden çekmäge gönükdirilen işlere badalga berdi.

Lukmanlar yzygiderli welosiped sürmegiň saglyga peýdalydygyny, ýürek, – gan-damar ulgamynyň berkemegine täsir edýändigini aýdýarlar. Welosipedli ýörişler gany kislorod bilen baýlaşdyrýar, gan aýlanyşygynyň we öýkeniň işlemeginiň gowulanmagyna täsir edýär. Welosipedli gezmek gözleri türgenleşdirmek üçin hem örän peýdaly hasaplanýar. Welosiped sürüp, yzygiderli gezelenç edýänleriň bedeniň ýokanç kesellere garşy göreşmäge ukyplylygyny artdyrýandyklary hem bellidir. Çünki welosipedli gezelençler bedeni türgenleşdirýär we taplaýar, nerw ulgamyny berkidip, pikirleniş ukybyny gowulandyrýar. Welosipedli gezelençler aýaklaryň, elleriň, döş we arka taraplaryň myşsalaryny türgenleşdirmäge ýardam edýär.

Merjen GENJIMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.