Türkmen talyplarynyň üstünligi

5 Maý 2021
3232

Türkmenistanda milli ylym, bilim ulgamyny ösdürmek we ony dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Muňa türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli döwletleriniň arasynda geçirilýän halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolmaklary hem şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Sankt-Peterburgyň informatika tehnologiýalary, mehanika we optika barlaglary milli uniwersiteti tarapyndan guralan Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň VII Matematika olimpiadasyna gatnaşdylar. Oňa institutyň talyplarynyň 8-si wekilçilik etdi. Onlaýn görnüşde geçirilen we 4 sagatlap dowam eden bäsleşikde institutyň matematika hünäriniň 5-nji ýyl talyplary Göwher Şükürowa, Haýdar Babanyýazow hem-de 4-nji ýyl talyplary Diýar Meredow, Gözel Mamedowa dagy üstünlikli çykyş edip, ikinji orna mynasyp boldular. Dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 40-syndan jemi 350-den gowrak talyp gatnaşan bäsleşikde ikinji orny eýelemek, bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň ýylboýy çeken zähmetiniň miwesidir. Zehinli talyplary institutyň matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Şiraly Baýekow taýynlady.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.