Hytaýyň Hunan welaýatynyň demirgazyk-günbatar tarapyny Ulinýuan dag gerişleri tutýar. Birmahallar äpet dag bolanlygy mese-mälim bildirýän Ulinýuan millionlarça ýylyň dowamynda tebigatyň dargama, owranma hadysalaryna duçar bolupdyr. Gum daşlarynyň, hek daşlarynyň pytramagy netijesinde özboluşly görnüşe eýe bolan 3000 töweregi kert gaýalar, daşdan diňler 26 müň gektar ýere uzalyp gidýär. Dag sütünleriniň müňden gowragynyň beýikligi 200 metrden geçýär. «Iň uzyn boýly» kert asmana garşy 1890 metr uzasa, «Awatar» adyny göterýän meşhur gaýanyň beýikligi 1080 metre ýetýär. Dag ulgamynyň täsin gözelligine maýyl bolan Jeýms Kemeron meşhur «Awatar» kinofilminiň käbir pursatlaryny şu ýerlerde surata düşüripdir. Beýikligi 1518 metre ýetýän Týanmen dagyny ýerli ýaşaýjylar keramatly dag hasaplaýarlar. Olaryň ynanjyna görä, tebigy hadysalar, taryhy özgerişlikler bolmazdan öň bu gaýadan şaglawuk akanmyş. Şeýle hem Týanmen gaýasynda «Asman derwezesi» atly gowak bar. Ol gowaga barmak üçin jahankeşdeler dünýäde iň uzyn asma köprüsinden peýdalanýarlar. Asma köpriniň uzynlygy 7455 metrdir. Týanmeniň ýene bir meşhurlygy—iki gaýany birikdirýän «Ynam ýodasydyr». Oňa «Asman ýodasy» hem diýilýär. Aýnadan salnan bu köpri howpsuz bolsa-da, jahankeşdeler ondan ýürek edip ýöräp geçmäge birbada çekinýärler. 2016-njy ýylda ulanyşa girizilen bu geçelgäniň uzynlygy 430 metre, ini 6 metre ýetýär. Köpri ýerden 300 metr ýokarda ýerleşýär. Berkligi synagdan geçirilen bu köprüden birbada 800 adama gezim etmäge, ýöräp geçmäge rugsat berilýär.
«Gaýa tokaýlarynyň» aralarynda derýajyklar, çeşmeler, köller, şaglawuklar, çuň dereler, 40 töweregi uly gowaklar duş gelýär. Bärde ýitip gitme howpy abanýan 30 töweregi endemik, 3000 töweregi seýrek ösümlikleriň, haýwanlaryň görnüşleri gabat gelýär. Bu ýerdäki iň meşhur çeşme «Altyn çeşmedir». Onuň düýbünde sary daşlar bolansoň ýaldyraýar.