Meşhur zenan türkolog alymlar

25 Aprel 2021
3757

GDA ýurtlaryny «Türkmen dili» kitaby bilen üpjün eden rus alymy

Biziň elimizde professor Elwira Aleksandrowna Grunina tarapyndan ýazylyp, Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherindäki «Восточная литература» neşirýatynda çapdan çykan — «Туркменский язык» we «Учебник туркменского языка для стран СНГ» atly okuw kitaplary bar. Olaryň ikisiniň hem möçberi 290 sahypa golaý bolup, birinjisi 2005-nji ýylda, ikinjisi bolsa bäş ýyldan soň, 2010-njy ýylda okyjylara ýetirilipdir. Bulardan başga-da, E.A. Gruninanyň 1993-nji ýylda türkmen dilini özbaşdak öwrenýänler üçin rus dilinde ýazan, möçberi 190 sahypalyk «Туркменский язык — Türkmen dili» atly gollanmasy neşir edilipdir. Moskwaly alymyň türkmen professory Myrat Penjiýew bilen bilelikde taýýarlan we türkmençe tekstlerden hem-de olara berlen düşündirişlerden ybarat 183 sahypalyk kitaby hem 2012-nji ýylda ýene şol «Учебник туркменского языка для стран СНГ» diýen öňki at bilen agzalan neşirýatda çapdan çykýar. Bu kitaplaryň hemmesi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) girýän ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar üçin niýetlenilipdir.

Myratgeldi SÖÝEGOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor.