«Görogly» eposynda zenan waspy

25 Aprel 2021
2066

Türkmen halky zenanlara goýýan sarpasyny asyrlaryň dowamynda döreden eserlerine siňdirmegi başarypdyr. Türkmen halk döredijiliginden birnäçe eserlerde bolşy ýaly, «Görogly» eposyndaky gyz-gelinlerimiziň keşplerinde hem türkmeniň milli sypatlarynyň ýokary derejesi şöhlelenipdir, onda diňe bir ata-babalarymyzyň däp-dessurlary, milli ahlak sypatlary jemlenmän, eýsem, gelin-gyzlarymyza hem aýratyn orun berlipdir. Eposdaky zenanlarymyzyň mähre, söýgä eýlenen wepadarlyklary bolsa her bir ynsan üçin görelde mekdebidir.

Durmuşda taýy bolmadyk ýeke-täk zadyň gadyry gymmatly bolup, olara berilýän baha ýokary hasaplanylýar. «Görogluda» gyz-gelinlerimizi ýeke-täk bolan Aýa, Güne, Zöhre ýyldyzyna meňzedipdirler:

Annagözel HALLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.