Güllerden döreýän sungat

25 Aprel 2021
2032

Ynsan elmydama gözelligiň gözleginde. Gözel görkli güllerden çemen taýýarlamak ussatlygy talap edýär. Çemen desseleri häzirki wagtda sungat derejesine ýetirilýär. Sungatyň bu görnüşi floristika diýlip atlandyrylýar. Floristika — güllerden we tebigy ösümliklerden çemen bogmak, panno şekillerini we beýleki ajaýyplyklary döretmekdir.

Häzirki wagtda ol uly meşhurlyga eýedir. Esasy maksady bolsa baýramçylyklaryň we şanly seneleriň şatlyk-şowhunyny artdyryp, bagtyýar pursatlaryň döremegine ýardam etmekdir. Çemen desseleri hem döredijilik zehinini talap edýär. Bu käre başlamazdan ozal, floristika barada esasy düşünjeleri bilmek, onuň ýönekeý we möhüm düzgünleri bilen tanyşmak zerurdyr. Ilki bilen, baglanjak çemeniň kim üçin niýetlenýändigi, şeýle hem haýsy maksatlar bilen gowşurylýandygyny bilmelidir. Şonuň esasynda çemen boguljak ösümligiň, gülüň görnüşi, mukdary, reňki we ululygy saýlanyp alynýar. Çemen dessesini taýýarlamazdan ozal, ony taýýar görnüşinde göz öňüne getirmegi başarmaly. Floristiki sazlaşygy bägüllerden, liliýalardan, myhakdan we beýleki güllerden döretmek isleseňiz, onda olaryň bir deňligini sazlamaly. Güldanyň we ösümligiň, gunçalaryň, ýapraklaryň göwrümini göz öňünde tutmaly. Olar özara sazlaşmalydyr. Floristikanyň kesgitli düzgünleriniň ýene biri hem, gülleri ýerlikli ýerleşdirmekdir. Eger-de çemen dikleýin ýerleşýän bolsa onda onuň sekizden bäş bölegi ýokarsynda, galan üçüsi bolsa güldanda bolmalydyr.

Selbi MEREDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.