Arassa howadan dem almagyň, salkyn saýaly baglaryň aşagynda oturmagyň adam saglygyna, ýagny fiziki işjeňlige, gözleriň dynç almagyna, bedeniň kislorod bilen iýmitlenmegine uly peýdasynyň bardygy barada ata-babalarymyz hemişe tekrarlapdyrlar. Bu, dogrudanam şeýle. Ýöne adamlar wagtynyň köpüsini «dört diwaryň» arasynda geçirýärler. Bu bolsa ynsan saglygy babatynda käbir kynçylyklary döredýär. Şeýle bolansoň, adam saglygyny berkitmegiň aňsat usullary oýlandyrýar. Daşymyzy gurşap alýan gözel tebigatyň saglygy berkitmekdäki orny barada oýlananyňda, onuň saglygy berkidiji we köşeşdiriji häsiýete eýedigini, hatda akyl bozulmalarynyň döremek howpunyň hem öňüni alýandygyny duýýarys. Çeşmelerden akýan suwlaryň şirrildisi, ýagşyň sesi, ýapraklaryň şybyrdysy, guşlaryň sesi psihologiki rahatlygy dörediji sesler hökmünde dünýäniň köp alymlarynyň ünsüni çekýär. Şol bir wagtyň özünde dürli çeşmelerden gelýän sesler özüçe täsir edýär. Baglardaky guşlaryň jürküldisi gahar-gazaby peseldýär, suwuň sesi bedeni kuwwatlandyrýar we täsin duýgulary oýarýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň alymlary seýilgählerde ylmy-barlag işlerini geçirmek bilen tebigy sesleri ýazgy edýärler. Ylmy-barlaglaryň netijesinde tebigatdaky sesleriň adam saglygy üçin örän peýdalydygy ýüze çykarylýar. Diýmek, tebigatdaky sesler saglygymyzyň gözbaşy.