Häzirki zaman binagärlik sungaty özüniň özboluşly täzeçilligi hem-de görnüşi bilen haýran galdyrýar.
Güller öz ajaýyp keşbi bilen hemişe-de döredijilik adamlarynyň ünsüni çekipdir. Lotos gülüniň keşbini alan ajaýyp bir bina Wýetnamyň Nýaçang şäherinde ýerleşýär. Lotos Wýetnamyň nyşanydyr. “Lotos diňi” diýlip atlandyrylýan bu desga 2008-nji ýylda binagär Le Tan Tunganyň taslamasy esasynda bina edilýär. Lotos suwda bitensoň, bu binanyň-da aşaky gatlaryny tolkunlar ýuwup dur.