Gadymy senediň ezberi

24 Mart 2021
1636

Türkmen halkynyň el hünäriniň gudraty bilen dürli hilli milli saz gurallary ýasalypdyr. Şolaryň arasynda türkmen dutary has meşhurlyga eýedir. Ata-babalarymyz gara gazma dutary özlerine hemişelik hemra edinip gelipdir. Ony gözüniň göreji ýaly aýawly saklap, mukaddes ojagynyň bezegi hasap edýärler. Ýaşaýyş durmuşymyzda şeýle bir aýtgy bar: «Dutar öýde saklansa, ol mydama agzybirlik, toý-tomaşa, ýagşylyk dileg edip durýar». Käbir obalarda dutar-gyjak ýasaýan eli hünärli ussalara häli-şindi gabat gelmek bolýar. Şeýle eli çeper dutar ussalarynyň birine Tagangeldi Jumaýew diýýärler. Ol Gubadag etrabynyň Gökçäge geňeşliginiň Duzly köl obasynda ýaşaýar. Tagangeldi ilki obasyndaky orta mekdebi tamamlap, mehanizatorçylyk kärinde zähmet çekipdir. Ol:

— Obada ýaşap, kärim mehanizator bolany üçin wagtymyň esli bölegi meýdanlarda geçýärdi. Işden haçan gelsem-de, kakam kölegede eline iş gurallaryny alyp, mydama dutar ýasardy. Kakamyň dutar ýasamakdaky hereketlerine men bilesigelijilik bilen syn edip oturardym. Onsoň kakam bir gezek meniň özüne syn edip oturanymy görüp:

Gurbannazar KAKABAÝEW,
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, sazanda.