Gadym eýýamlarda eli çeper halyçy zenanyň ýanýoldaşyny hem erkek doganyny ýesir edip alyp gidipdirler. Zenan maşgala olaryň yzyndan gidipdir. Ol ýurduň hanyna arz bilen gelendigini aýdanda, hanyň rugsadyny alyp, ony hanyň huzuryna getiripdirler.
Zenan maşgala öz ezizlerini boşatmagyny handan haýyş edipdir hem-de oňa derek hana türkmeniň nepis halysyny dokap berjekdigini aýdypdyr. Han: “Haly dokamak üçin nämeler gerek?” diýip sorapdyr. Ol: “Goýnuň ýüňi bolsa bolýar, reňkleri men ot-çöplerden çöplärin” diýip, işe girişipdir.