Sebitiň durnukly ösüşinde Türkmenistanyň möhüm orny

16 Mart 2021
1620

Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny döwrebap ösdürmek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap goňşy döwletleriň ählisi bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giň gerimde ösdürmäge we pugtalandyrmaga uly yhlas siňdirip gelýär.

Sebitde sazlaşykly ösüşiň rowaçlanmagynda halkara bileleşikleriň we guramalaryň aýratyn orun eýeleýändigini bellemek gerek. Şonuň ýaly halkara guramalaryň biri 1985-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň gatnaşmaklarynda döredilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Geçen, XX asyryň soňky onýyllygynda dünýäde emele gelen geosyýasy ýagdaý, ýagny SSSR-iň synmagy netijesinde onuň düzüminde bolan soýuz respublikalaryň özbaşdak syýasaty ýöredýän Garaşsyz döwletlere öwrülmegi bu guramanyň göwrüminiň giňelmegini şertlendirdi. Netijede, bu hökümetara guramasyna agza bolan ýurtlaryň sany ona ýetdi. Häzir onuň düzüminde ony esaslandyran üç döwletden başga-da Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy hem-de Owganystan Yslam Respublikasy bar.

Atajan BURUNOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor.