Gymmatly eseriň söhbedi

15 Mart 2021
1446

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly çuňňur many-mazmuna ýugrulan eseriniň çapdan çykmagy we dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilmegi halkymyzyň kalbyny buýsanja besledi. Bu gymmatly eser asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen milli ýörelgelerimizi, baý medeni mirasymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy ýaş nesle öwretmekde uly ähmiýete eýedir. Mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby boýunça geçiren çärämiz şeýle maksatdan ugur aldy.   

Kitaphanaçylaryň bu ajaýyp kitabyň terbiýeçilik ähmiýeti, gymmatlygy barada beren giňişleýin gürrüňleri, okuwçylaryň eserden aýdyp beren gyzykly rowaýatlary çäräniň many-mazmunyny artdyrdy. Ajaýyp kitapdan rowaýatyň sahnalaşdyrylmagy has-da täsirli boldy. Çärede gymmatly eserleri bilen bizi begendirip durýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Jeren NYÝAZOWA,
Hazar şäheriniň merkezi kitaphanasynyň syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölüminiň kitaphanaçysy.