Çar ýana uzaýan dostluk ýollary

25 Fewral 2021
1645

Ýer ýüzünde belent abraýy barha beýgelýän Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde, ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini yzygiderli giňeldýär. Ata Watanymyzdan dünýäniň çar künjegine uzaýan awtoulag, demir, deňiz we howa ýollary gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden, döwrebap usullar bilen dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda ulag ulgamynda «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça ulag ulgamynyň gerimi giňeldilýär. Bu babatda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly, golaýda açylyp, ulanylmaga berlen Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoly, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki, şeýle hem ýurdumyzyň welaýat merkezlerindäki Halkara howa menzilleri, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýaly geljegi uly ähmiýetli desgalar Türkmenistanyň sebitiň hem-de yklymyň esasy ulag-logistika merkezi hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylda «Durnukly, köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýylda bolsa «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda eýeleýän ornuny berkitmek, Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy düýpli ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda halkara ähmiýetli iri taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy. Şolaryň hatarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde açylyp, ulanylmaga berlen Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ähmiýeti örän uludyr. Bu waka sebitiň ulag-logistika ulgamynyň kämilleşmeginde möhüm ädim bolmak bilen, dünýäniň ykdysady ösüşine hem mynasyp goşant goşar. Täze demir ýol owgan ykdysadyýetini ösdürmek, möhüm durmuş meselelerini, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek bilen bagly meseläni üstünlikli çözmäge itergi berip, maýa goýumlaryny çekmäge ýardam eder hem-de Owganystandaky ýagdaýa oňyn täsirini ýetirer. Şeýle-de Akina — Andhoý demir ýoly goňşy ýurduň kiçi we orta işewürligini işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açar, owgan önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik döreder. Bellenilişi ýaly, Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý ulag geçelgesi Merkezi we Günorta Aziýadan harytlary Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň çalt ösýän döwletleriniň bazarlaryna çykarmak üçin amatly ýola öwrüler. Şeýlelikde, polat ýol sebit we halkara derejede ulag-üstaşyr ýük daşalýan ugurlaryň möhüm bölegine öwrüler hem-de dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamynda Owganystanyň işjeňliginiň artmagyna ýardam eder. Şeýle-de häzirki wagtda Hyrat — Turgundy demir ýolunyň gurluşygynyň hem alnyp barylýandygyny aýratyn bellemelidiris.

Ýagşymyrat NURYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor.