Ýurt Garaşsyzlygymyz bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp gymmatlykdyr. Döwletimiziň mukaddeslik derejesine göterilen bu beýik gymmatlygy mizemezligiň, halkymyzyň agzybirliginiň we bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Halkymyzyň özygtyýarlylygynda ― mukaddes Garaşsyzlygynda ata-babalarymyzyň erkin, parahat, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky süýji arzuwlary, belent maksatlary, eziz Watanymyzyň şöhratly taryhy, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilenine şu ýyl tegelek 30 ýyl bolýar. Bu taryh üçin onçakly uzak bolmadyk möhlet bolsa-da, türkmen halky üçin ägirt uly özgerişlikleriň, özgertmeleriň, röwşen geljegi gurmaga gönükdirilen ajaýyp başlangyçlaryň, agzybir halkyň bagtyýar durmuşynyň gülläp ösen döwrüdir. Geçen bu gysga döwrüň içinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler bolsa sanardan kändir.
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde türkmen döwletiniň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesi has-da belende göterilýär. «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli ýöredýän döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen ýola goýýan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykýar. Bularyň ählisiniň gözbaşynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli hyzmatdaşlyga daýanýan içeri we daşary syýasaty dur. Hormatly Prezidentimiz dünýäde parahatçylygy saklamak, howpsuzlygy üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürüp, dünýä halklarynyň arasyndaky dostana gatnaşyklarynyň ýygjamlaşmagyna uly ähmiýet berýär. Bu bolsa Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan Garaşsyzlyk we oňyn Bitaraplyk syýasatynyň halkara möçberinde goldanylmagyny şertlendirýär.