Yhlasly zähmetiň netijesi

19 Fewral 2021
1636

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzyň ýataklaryndan uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri netijeli zähmet çekýärler. Olar burawlanan hem-de burawlaýyş işleri dowam edýän guýularda Ýeriň geofiziki gatlaklaryny anyk öwrenmek, takyklanan önümli çuňluklarda zerur bolan halatynda partlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly möhüm işleri ýerine ýetirýärler. Her biri anyk kesgitlemeleri talap edýän bu derwaýys işlerde müdirligiň Balkanabatdaky barlamhanalaryndan, Arkadag Prezidentimiziň hemaýat-goldawy esasynda daşary ýurtlardan satyn alnyp, iň kämil awtoulaglarda ýerleşdirilen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Nebitgaz toplumynyň häzirki zaman enjamlarydyr tehnologiýalary bilen ýeterlik derejede üpjün edilen müdirligiň ekspedisiýalarynda we ýörite gulluklarynda bitirilýän işler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Kärhanada oňat görkezijilere eýe bolunýar. Şu ýylyň geçen döwründe kärhananyň önümçilik düzümleri boýunça jemi 7 million manatlyga golaý işler özleşdirilip, meýilnama 122 göterim ýerine ýetirildi.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».