Maşak
Sözlüklerde görkezilişi ýaly, gadymy türki dilde başak görnüşinde bolan «maşak» sözi aslynda arpanyň, bugdaýyň, şalynyň başyny we onuň gaçan başlary toplanyp boglan kiçijik dessäni aňladypdyr. Sözüň köki — baş, ak bolsa goşulma. Söz manysynyň giňelmegi bilen ýaý peýkamynyň ujuna oturdylýan demir ýa süňk çişlere-de «başak», soňra «maşak» diýlipdir. «B» sesiniň «m» sesine öwrülişi dilimiziň fonetik aýratynlygyna laýyk gelýär: burun-murun, bu-munuň, muny.