Ekologiýa diplomatiýasynyň möhüm ugurlary

15 Fewral 2021
2157

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini belleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda, suwy rejeli peýdalanmakda uly işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ugurlaryň biri bolan ekologiýa babatda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Çünki ykdysady we ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler ekologiýa meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda möhüm ähmiýetli ekologiýa meselelerini çözmekde, daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmakda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr hem-de bütin adamzadyň geljegine gönükdirilendir.

Gurban MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.