Her bir maşgala ojagyny ýyladýan ýörelge bolýar. Biz şu makalamyzda öz döredijilikleri bilen diňe bir öz maşgala ojagyny däl, eýsem, gözellige teşne ýürekleri hem ýyladýan, sungata göwün beren bagtyýar maşgala barada söhbet etmegi makul bildik.
Çagalar köplenç ata-enesiniň hünärini dowam etdirmäge döwtalap bolýarlar. Sungatyň taryhyna nazar aýlasak, suratkeşler maşgalalarynyň az däldigine göz ýetirýäris. Şolaryň biri bolan suratkeşler Umarowlaryň maşgalasynda hem esasy däp — döredijilikli zähmet çekmek.