Ýylyň zenany

14 Fewral 2021
1414

ÖŇŇIN Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň öňdebaryjy zenanlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna welaýatymyzyň etraplaryndan hem-de Tejen şäherinden öňdebaryjy zenanlar gatnaşdy.

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň döredýän ajaýyp şertleridir mümkinçiliklerinden ruhlanan türkmen zenanlary ýurdumyzyň döwleti dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, jemgyýetçilik işlerinde we beýleki ugurlarda yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, kuwwatlanmagyna, şan-şöhratynyň arşa göterilmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şoňa görä-de, bu gün ata-babalarymyzdan gelýän ajaýyp ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza, ruhy gymmatlyklarymyza eýerilip, ýurdumyzda zenanlara uly sarpa goýulýar, olar hakda bimöçber alada edilýär, zähmetine mynasyp baha berilýär. Munuň özi Arkadagly döwrümiziň bagtyýar zenanlarynda egsilmez ruhubelentligi we ylham joşgunyny döredýär. Bu hakykata “Ýylyň zenany” atly özboluşly bäsleşigiň barşynda hem aýdyň göz ýetirmek mümkin boldy.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.