Innowasiýalar we kino

11 Fewral 2021
1579

Häzirki wagtda dünýäniň iri kino şereketleri öz önümçiliginde kompýuteriň tehnologiýalarynyň iň häzirki zaman mümkinçiliklerinden has ýygy-ýygydan peýdalanýarlar. Ilki-ilkiler animasiýanyň kömegine ýüz tutulýan çylşyrymly görnüşleri beýan etmek üçin indi kompýuteriň iň bir çylşyrymly tilsimlerinden peýdalanmak adaty zada öwrüldi. Ýörite effektleriň peýdalanylmagy bilen režissýorlaryň öz pikirlerini açyp görkezmeklerinde mümkinçilikleriniň çägi giňedi. Bu günki gün dünýä kino öndürijileri kompýuter tehnologiýalaryny has täsin we kämil görnüşde ulanmakda bäsleşýärler. Biz bu babatda iň bir kämil saýylýan filmler barada gysgaça gürrüň etmegi makul bildik.

«Alisa täsinlikler dünýäsinde». Režissýor Tim Berton 3D grafikasynda ilkinji synanyşygy bolan bu filmini surata düşürmek üçin Alisanyň hakyky dünýädäki öýünden başga ýekeje-de dekorasiýa gurulmandyr. Ähli wakalar pawilýondaky gök fonuň öňünde surata düşürilipdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Hanaly AMANOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.