Iki obanyň aralygy beýikli-pesli meýdandy. Ol ýerde, esasan, çagalar on-on bäş goýundyr geçilerini bakardylar. Bu ýerde iki-ýeke padadan galan sygyrlaram gezýärdi. Uzaklardan seleňläp görünýän Morgala bolsa obalaryň arasyndaky araçäk mysalydy. Eger Morgaladan aňyrda ýaşaýan bolsaň, saňa «ol obaly» diýýärdiler.
...Bu gün Morgala ýaly ýere çenli giden oglanjyk — bu ýeri çagalar üçin gaty uzak ýaly görünýärdi, ol obaly gyzjagazyň öz ýanyna gelmegini halamady. Eger onuň ýetip gelýänini öňräk gören bolsady, çekenesini sürüp, bu ýerden daşlaşmak bilen bolardy. Ol garasöýmez-ä däldi. Ýöne şu wagt ýeke bolasy gelýärdi. Ýaňyrak çekene bakýan oglanlar bilen aşyk oýnap, ählijesini utdurypdy. Olam bar keýpini gaçyrdy. Hasam kakasynyň ýakynda soýan öwejiniň aşygyny utduranyna gahary gelýärdi. Indi ertiriň özünde ony yzyna utup almasa, ynjalyp bilmez. Ine, birdenem bu gyzjagaz peýda boldy. Ol gelşine: