Meşhur eserler

10 Fewral 2021
1316

Kitap adamzadyň iň ýakyn syrdaşy hasaplanýar. Her bir adam öz ukyp-başarnygyny kitabyň üsti bilen kämilleşdirýär. Soňky ýyllarda kitaba bolan isleg has-da ýokarlanýar. Şowly çykan kitaplar birnäçe dillere terjime edilip, dünýäniň okyjylaryna ýetirilýär. Çuň parasata ýugrulan kitaplar okyjylaryň arasynda baky ýaşaýar. Biz hem şu nukdaýnazardan ugur alyp, dünýä edebiýatynda ähli döwürleriň iň gowy kitaplary barada käbir gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

Görnükli rus ýazyjysy Lew Tolstoýyň «Anna Karenina» atly romany dünýä edebiýatynda iň meşhur eserleriň biri hasaplanýar. Roman ilkinji gezek 1878-nji ýylda kitap görnüşinde çap edilýär. Bu romany meşhur ýazyjylar dünýä edebiýatynyň iň naýbaşy eserleriniň biri hasaplaýar. Kitap iki tomdan ybarat. Romanda maşgala, nikalaşmak, oba we şäher durmuşy barada gürrüň berilýär. «Anna Karenina» romany ussat terjimeçiler tarapyndan birnäçe dillere terjime edildi. Mundan başga-da, roman esasynda birnäçe filmler, teatr we radio oýunlary ýerine ýetirilip halka ýetirildi. Roman birnäçe abraýly döredijilik baýraklaryna hem mynasyp boldy.