Milli buýsanjymyz

9 Fewral 2021
1481

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak baradaky gadymy ýol-ýörelgeleri täze many-mazmun bilen kämilleşdirilip, olara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu günki gün milli buýsanjymyz hasaplanylýan türkmen alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler» diýip bellemegi hem türkmen alabaýynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornunyň näderejede belentdigine buýsanç bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 25-nji ýanwarynda paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy, şol sanda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň baş meýilnamasy bilen tanyşmagy we alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklanmagy hem örän buýsançly boldy. Hormatly Prezidentimiziň Türkmen alabaý itleriniň baýramynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyryp geçirilmeginiň, şol şanly sene mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň çäginde alabaý itleriniň gözellik bäsleşiklerini gurap, bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejäniň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy hakynda aýdanlary bolsa, ählimizi buýsandyrdy.

Yhlas SAPAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.