Taryhy ähmiýetli tutumlar

8 Fewral 2021
1817

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy okgunly ösüşe eýe bolýar. Döwletimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän uly möçberli maýa goýum taslamalary we tehniki-ykdysady maksatnamalar şol ösüşiň esaslary bolup durýarlar.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, nebitgaz ulgamynda önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Daşary ýurtlar, şol sanda goňşy döwletler bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işleriň barha giň gerime eýe bolýandygy aýratyn buýsandyryjydyr. Ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmekde, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmekde möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany munuň aýdyň subutnamalarynyň biri hökmünde görkezmek bolar. Häzirki wagtda bu taslamanyň durmuşa geçirilişiniň ýokary depgine eýe bolandygyny bellemek gerek. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi-de taryhy ähmiýete eýedir we bu ýurdumyzyň dost-doganlyk, özara ynanyşmak esasynda hyzmatdaşlyk etmek babatdaky ýörelgeleriniň barha rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir. 

Ogulgerek GYLYÇDURDYÝEWA,
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.