Oguzhandan gelýän döwletli ýörelge

8 Fewral 2021
1661

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny sowgat etmegi geçen ýylyň iň ýakymly wakalarynyň birine öwrüldi. Bu kitapda hormatly Prezidentimiz ençeme müňýyllyklaryñ dowamynda kemala gelen türkmeniň dünýä nusgalyk ajaýyp sypatlary barada edebi-filosofik mazmunda çuňňur manyly söhbet edýär. Eseriň eýýäm daşary ýurt dillerine hem terjime edilip, giň okyjylar köpçüligine hödürlenilmegi onuň ähmiýetiniň juda uludygyny tassyklaýar.

Türkmen halkynyň ruhy dünýäsi bilen içgin gyzyklanýan her bir adamyň bu eseri okap, tutuş adamzadyň ösüş taryhynda öçmejek yz goýan halkyň milli gymmatlyklary hakynda giňişleýin düşünje alýandygy düşnüklidir. Okyjylaryň uly söýgüsine eýe bolan kitapda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle sazlaşyklylykda eseriň gymmatyny has beýgeldýän ýene bir ýagdaýa ünsi çekesimiz gelýär. Ýagny halkymyzyň döreden paýhasly jümleleri, rowaýatlary, tymsallary we nakyllary jemgyýetde asylly ýörelgäni ornaşdyrmagyň ähmiýetli gurallarydyr. Şolaryň netijeli peýdalanylmagy eseri has-da baýlaşdyrýar. Milli Liderimiziň bu ajaýyp eserinde tebigat we adam gatnaşyklary hakyndaky düşünje hem dürli wakalaryň üsti bilen giňden düşündirilýär. Şeýlelikde kitabyň geçmiş bilen şu güni baglanyşdyrýandygyny, her bir halkyň medeniýetinde, şol sanda halkymyzyň türkmençilik ýörelgelerinde umumadamzat gymmatlyklarynyň, asylly nusgalaryň jemlenendigini görmek bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden hem-de bize wesýet eden belent maksatlary şu günki we geljekki nesiller üçin nusgalyk bolup, olar durmuşda bolşy ýaly, çeper döredijilikde hem öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhynyň dowamynda toplan baý tejribesiniň we döreden mümkinçilikleriniň oýlanyşykly peýdalanylmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Bu kitabyň ýene bir uly ähmiýeti ýaş nesli ynsanperwerlik we watançylyk ruhunda terbiýelemekde onuň ýol görkeziji bolup durýandygyndadyr. Eseriň içinden watanperwerlik, milli mirasa bolan söýgi eriş-argaç bolup geçýär. Bu ýörelge bize pederlerimizden, ýagny, beýik Oguzhan atamyzdan gaýdan ýörelgedir. Hormatly Prezidentimiziň kitabynda belleýşi ýaly, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Geçen ýyl Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly toýy uly dabaralara beslendi. Halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgelerine laýyklykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilen «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli amala aşyrýar. Watan gymmaty, ony gözüň göreji ýaly goramak, il-ýurduň üçin ak ýürekden zähmet çekmek milleti, halky mäkäm jebisleşdirýän mukaddes ýörelgedir. Şu ýörelge halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynda öz beýanyny tapyp, umumadamzat ösüşiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Biz geçmişden gelýän şol ýörelgäniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýändigine tüýs ýürekden buýsanýarys.

Jahan MUHAMMEDOWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy.