Bagt nirede? (Rowaýat)

5 Fewral 2021
1363

Günlerde bir gün halky tarapyndan iňňän söýülýän, hormatlanýan bir patyşa rahatlygy, asudalygy iň gowy ýagdaýda suratlandyryp bilen suratkeşe gymmat bahaly sowgat garaşýandygyny yglan edýär. Bäsleşige örän köp suratkeşler gatnaşýar. Birnäçe günläp dowam eden bäsleşigiň ahyrynda biri-birinden owadan suratlar peýda bolýar we bu suratlar köşge tabşyrylýar.

Suratlary ýekän-ýekän gözden geçiren patyşa iki suraty beýlekilerden has gowy görýär. Suratlaryň birinde asuda bir kölüň suraty çekilipdir. Köl aýna kimin töweregindäki beýgelýän daglaryň keşbini şöhlelendirýän eken. Ýokarda ak pagta ýaly çuw-ak bulutlar asmanyň görküne görk goşýardy. Bu surat görenleriň aňynda ýatdan çykmajak rahatlyk döretjek ýagdaýda owadan bolupdyr.

Taýýarlan Myrat GARÝAGDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.