«Şygryýet älemi açdy bagtymy»

4 Fewral 2021
1793

Önüp-ösen ýerim menzil-mekanym,
Gözümiň guwanjy, eý, Türkmenistan!
Sözleriň içinden çeperni saýlap,
Sen hakda düzerin ençeme dessan —

diýip, bütin ömrüni Watany wasp etmeklige, il-gününe guwanmaklyga bagyş edip, many-mazmuna ýugrulan ajaýyp eserlerini halkyna miras galdyran Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyh ýatlanylmaga mynasypdyr. Ol 1908-nji ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Şordepe obasynda dünýä inýär.

Şageldi SALYHOW,
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginiň ýaşaýjysy.