MIlli Demokratiýa rowaç alýar

3 Fewral 2021
1765

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy we ýiti öňdengörüjiligi bilen ýurdumyzda hukuk ulgamyny, aýratyn-da milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan milli ýörelgelerimize we ösen dünýä tejribesine laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Parlamenti iki palataly ulgama geçdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyndan ugur alnyp, ýurdumyzda täze döredilen palatanyň, ýagny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 2021-nji ýylyň 28-nji martynda birinji saýlawlary geçirilýär.

Öňde duran saýlawlara häzirki günlerden ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu möhüm ähmiýetli syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň 2020-nji ýylyň 28-nji noýabryndaky Kararyna laýyklykda degişli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Myrat KULLYÝEW
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň başlygy, welaýat saýlaw toparynyň başlygy.