Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary

27 Ýanwar 2021
1750

Belent mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 14 — 15-nji ýanwarynda ýurdumyzyň Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Şonda milli Liderimiziň olaryň işine ak pata bermegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň ilkinji günleriniň şanly wakalary bolup, ähli türkmenistanlylary guwandyrdy.

14-nji ýanwarda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, şeýle hem Kerkiden Owganystanyň Şibirgan şäherine çenli ugur boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe goýberilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.