Watana sungatdan serpaýyn ýapan, harby gulluk bilen mertebe tapan

27 Ýanwar 2021
1549

Hünäri boýunça inžener geodeziýaçy bolsa-da, harby ulgamda işlemegi özüne mertebe bilen serhetçi serkerde 1976-njy ýylyň 21-nji noýabrynda gadymy Tejen topragynda dünýä inýär. Bu gün oňa Serhet goşunlarynyň ähli şahsy düzümi uly hormat bilen «Ýoldaş polkownik!» diýip ýüzlenýär.

...Maşgalada on çaganyň içinde ösüp-ulalan, edil beýleki oba oglanlary ýaly, malyň yzynda çörňeşip, daýhançylyk işinde taplanan, ata-enäniň terbiýe mekdebinde terbiýelenen Çarymyrat ýigit çykanda Aşgabada ýokary bilim almaga gelýär. Ýokary okuw mekdebinde bilime teşne ýigit ugurtapyjylygy bilen mugallymlaryna özüni aldyrmagy başarýar. Ol şol döwürlerde hem aýdym-sazly dabaralara, döredijilik bäsleşiklerine we ýörite gurnaklara gatnaşýar. Okumyşlygy bolsa, geljekki şahyr ýigidi gündogar we dünýä edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmaga itergi berýär. Heniz talyplyk ýyllarynda sungatyň inçe ýoluna düşen Çarymyrat kämilligiň mertebeli menzillerini nazarlaýar.

Myratgeldi HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň borçnama boýunça harby gullukçysy, uly seržant.