Nazar baganyň gyjakçysy

27 Ýanwar 2021
1738

Käbir wakalar asla ýadyňdan çykmaýar. Meniň durmuşymda hem şeýle wakalaryň biri geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda bolupdy. Baharyň ilkinji günlerinde aýdym-saza höwesek ýigitleriň birnäçesi bilen bagşy Jumamyrat Hamyýewden «Harmandälini» diňlänimiz heniz-henizlerem ýatdan çykarly däl. Bagşy aýdyma başlamanka, özara mesawy gürrüňdeşlikde Sapar Şajyk atly ýigit:

— Her bagşynyň özüniň hörpüni duýýan gyjakçysy bolýar. Magtymguly Garlynyň gyjakçysy Sapar Beki bolan bosa, Öre şyhyň Şajan gyjakçy bilen jyny jyňkyryşypdyr. «Nazar baganyň gapdalynda Öwez gyjakçyny çaldyrsaň ýüzüge gaş goýulan ýaly bolýar» diýerdiler. Senem Jumamyratdan ökje ogurlaman sazyny yzarlamagy başarjak bolaweri — diýip, gyjagyny gabyndan çykaryp oturan ýigide ýüzlenipdi. Meni şol pursat Öwez gyjakçynyň kimdigi, onuň ýaşan döwri, ussatlyk derejesi oýlandyrypdy. Soň-soňlaram bu pikir meniň serimden gitmedi. Görüp otursam, Öwez gyjakçy biziň etrabymyzda ýaşan ekeni. Onuň dogan-garyndaşlary, agtykdyr çowluklary bilen söhbetdeş bolup, ol barada maglumatlary jemlemek miýesser etdi.

Meret ÝAGŞYÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň mugallymy