Her birimiziň borjumyz

20 Ýanwar 2021
1638

Taryhy we ylmy maglumatlara nazar aýlanymyzda, adamzat tarapyndan oduň hojalykdadyr önümçilikde giňden peýdalanylmagy jemgyýetiň ösmegine hem-de ylmyň kämilleşmegine, durmuşda öňegidişlikleriň gazanylmagyna giň ýol açandygyna göz ýetirýäris. Ýöne oduň gözegçiliksiz galdyrylan ýa-da oňa eýeçilik gözi bilen çemeleşilmedik halatlarynda, adamyň janyna, daşky gurşawa, döwlet, hususy we jemgyýetçilik emläklerine düýpli zeper ýetmegine getirýändigini hem unutmaly däldiris.

Bagtyýarlyk döwrümiziň abadan binalarynyň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek her birimiziň borjumyzdygy öz-özünden düşnüklidir. Çünki bu häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş, önümçilik we beýleki maksatly binalardyr desgalar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, döwletimiziň halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen, ägirt uly býujet we maýa goýum serişdeleriniň miwesidir.

Gurbangeldi ALYÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 1-nji bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany.